YKDYSADYÝET

Saýatda galla oragyna taýýarlyk görülýär

Saýat etrabynda öňde duran galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly we gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. Şu ýyl etrap boýunça jemi 16 müň 155 gektar meýdandan 46 müň 400 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär we bu meýdanlaryň 4 müň 800 gektarynda ýörite tohumlyk bugdaý ýetişdirilýär. Ekin meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilip, gallaçylar bol hasyl almagy maksat edinýärler.
Galla oragy möwsüminde etrap boýunça kuwwatly däne ýygyjy kombaýnlaryň 35-si bökdençsiz işlediler, olaryň 14-si tohumlyk hasyly ýymaga gönükdiriler. Şeýle hem hasyly çalt we ýitgisiz daşamak üçin 58 sany ýük ulagy hem-de 62 sany traktor tirkegi doly taýýarlyk hataryna getirildi. Etrabyň zähmetkeşleri ýokary zähmet görkezijileri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgadyny taýýarlamagy ak ýürekden maksat edinýärler.