JEMGYÝET

Saýatda el işleri boýunça bäsleşik geçirildi

Saýat etrabynyň Garabekewül şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň zenanlar guramasynyň etrap bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň arasynda «El hünäri — il gezer» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Oňa etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň gurnak ýolbaşçylary gatnaşyp, keşde çekmek, jähek kakmak, haly dokamak we keçe basmak, alaja işmek boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

El işleriniň nepisligi bilen tapawutlanan bilim işgärleri bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Olara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: