Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiň binýadynda welaýatyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dilleri
derslerini okadýan mugallymlaryň gatnaşmaklarynda usuly-amaly maslahat geçirildi. Ol «Daşary ýurt
dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalary ýerlikli peýdalanmak we olaryň üsti bilen
okuwçylaryň dil öwrenmek derejelerini kämilleşdirmek» diýlip atlandyryldy.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň öňünde okuw işini kämilleşdirmek boýunça çuňňur
mazmunly çykyşlar edildi. Soňra şu mekdebiň mugallymlary Aýgül Atamyradowa, Jennet Ýakubowa,
Aýnabat Nurmyradowa, Jeren Hydyrowa iňlis, rus dillerinde göreldeli okuw sapaklaryny geçdiler.
«Bilimli maşgala» hususy kärhanasynyň iňlis dili mugallymy Mähri Ýazyýewa bolsa «Biz daşary ýurt
dillerini öwrenýäris we söýýäris» diýen temada synpdan daşary çäre geçirdi.
Usuly-amaly maslahatyň ahyrynda geçirilen göreldeli okuw sapaklary we synpdan daşary çäre birin-
birin seljerildi. Onda okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmakda şeýle
çäreleriň peýdasynyň uludygy nygtaldy.
Saýatda daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlaryň usuly-amaly maslahaty geçirildi

23
Apr