Saýat etrabynyň Çagalar ýetginjekler we döredijilik öýüniň kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşi hem-de Saýat etrabynyň Çagalar ýetginjekler we döredijilik öýi bilen bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Ýaşlar Watanyň geljegi” ady bilen çeper okaýyş duşuşygy geçirildi.
Ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgusyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen geçirilen duşuşyk hemmeler üçin örän täsirli boldy.
Saýatda çeper okaýyş duşuşygy geçirildi

01
Jul