Saýatda çeper elli gyzlaryň bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň yglan eden «Hünärim bar – hormatym bar» bäsleşiginiň Saýat etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşik düzgünnama esasynda 3(üç) şertden ybarat bolup, el işleri barada, ýaşlaryň arasynda el işlerine bolan höwesi artdyrmakda alyp barýan işleri barada buýsanç bilen gürrüň bermekde, kiçijik gyzjagaza
köýnegi biçip, tikip geýdirmekde we köýnegiň biçilişi we tikilişi barada çeper sözler bilen beýan etmekde, asylly türkmen milli gymmatlyklarymyzy çeper sözleriň, goşgy setirleriň, gazallaryň üsti bilen wasp etmekde gelin gyzlar bäsleşdiler.
Bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuruldy.