MEDENIÝET

Saýatda baýramçylyk dabarasy geçirildi

Saýat şäherindäki «Balsaýat» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasy
«Hoş gelipsiň, Täze ýyl, gül Diýara!» diýlip atlandyryldy. Ony etrap häkimligi
syýasy pariýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary hem-de
medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady. Baýramçylyk dabarasyna etrabyň çägindäki şäherlerden, şäherçelerden we oba geňeşliklerinden zähmetiň, bilimiň, medeniýetiň we beýleki pudaklaryň öňdebaryjylary hormatly myhman boldular. Aýdym-sazly çykyşlaryň arasynda olaryň käbiriniň baýramçylyk gutlaglary hem diňlenildi. Dabarada etrabyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda ajaýyp döwrümiziň eçilenleri hem-de Täze ýyl baýramy wasp edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: