Saýatda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça okuw geçirildi
Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň iş meýilnamasy
esasynda Saýat etrabynda adatdan daşary ýagdaýlarda ilatyň saglygy bilen bagly çäreleri
amala aşyrmak boýunça türgenleşik okuwy geçirildi.
Okuwyň esasy maksady adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almakda welaýat raýat goranyşy
we halas ediş işleri müdirliginiň, raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň welaýat
gulluklarynyň, etrabyň çägindäki edara-kärhanalaryň degişli düzümleriniň özara sazlaşykly
işlemeklerini guramakdan hem-de kämilleşdirmekden ybarat boldy. Okuwyň dowamynda
tebigy hadysalar ýüze çykan halatynda howply ýerlerden ilaty göçürmek boýunça türgenleşik
çäreleri görkezildi.