YKDYSADYÝET

Saýatda 77 müň tonna «ak altyn» ýygnamak maksat edilýär

Saýat etrabynda pagta ýygymyna giňden taýýarlyk görülýär. Geçen baharda 25 müň 770 gektar ýere ýokary hasylly gowaça ekildi we 77 müň tonna hasyl almagyna garaşylýar. Ýylyň dowamynda ähli agrotehniki çäreler kadalara laýyklykda geçirildi. Etrap “Obahyzmat” kärhanasy tarapyndan pagta ýygyjy tehnikalar doly taýýarlanyldy, degişli edara-kärhanalar hem möwsüme jogapkärçilik bilen girişmäge taýýarlandy.
Möhüm oba hojalyk möwsümine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti hem işjeň gatnaşar. Komitet tarapyndan pagta ýygymy döwründe geçiriljek çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Oňa medeni çäreler, zähmet bäsleşikleri, duşuşyklar we höweslendiriş çäreleri girýär. Şeýlelikde, Saýatly zähmetkeşler agzybirlikli zähmet bilen ýurdumyza “ak altynyň” bol hasylyny
bermäge girişerler.