Saýat etrabynyň gallaçy daýhanlary üstümizdäki ýylda 27766 gektar bugdaýdan 72858 tonna
hasyl almagy meýilleşdirdiler. Etrabyň hojalyklarynda bugdaýyň «Alekseýiç», «Bagrat»,
«Batko», «Garaşsyzlyk», «Sähraýy», «Berkararlyk» ýaly görnüşleri ekildi we atyzlaryň ählisinde gowy gögeriş alyndy. Bahar paslynyň häzirki döwründe etrabymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda yhlasly zähmet çekýän daýhanlar güýzlük bugdaý ekilen meýdanlara ýaraşyk berýän maýsalara ideg etmek, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak ýaly möwsümleýin oba hojalyk işlerini gyzgalaňly häsiýetde dowam etdirýärler.
Şu günler etrabyň oba zähmetkeşleri bugdaý maýsalarynyň kadaly boý alyp, bol hasyla beslenmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bugdaý ekilen meýdanlary mineral we ýerli
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak ýaly işleri geçirýärler.
Saýatda 27,7 müň gektar bugdaýdan 72 müň tonnadan gowrak hasyla garaşylýar

18
Mar