JEMGYÝET

Saýat we Kerki etraplarynda internet ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany artýar.

Lebap welaýatynda ilatyň häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin amatly şertler döredilýär, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar. Hyzmatlaryň sanawy ýylsaýyn giňeldilýär, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary we täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrylýar.

Welaýatyň ýaşaýjylary täze hyzmatlardan höwes bilen peýdalanýarlar. Aýratyn-da welaýat merkeziniň, etraplaryň ýaşaýjylarynyň internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan islegleri artýar. Saýat etrabynda internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany 3130-dan geçýär. Kerki etrabynda ýaşaýjylaryň 2330-dan gowragy internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Welaýatda internet ulgamynyň çägini giňeltmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryň täze tapgyryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.