Saýat etrabynda usuly-amaly maslahat geçirildi
Saýat erabynyň 2-nji orta mekdepde geçirilen usuly-amaly maslahat «Bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylara şahsy gigiýenany we howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi öwretmegiň usullary» diýlip atlandyryldy. Oňa etrabyň orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatda onuň gün tertibindäki meseleler bilen baglanyşykly dürli çäreler biri-birine utgaşdy. Ilki bilen mekdebiň müdiri Sülgün Mämedowa çärä gatnaşyjylary synp otaglary, sport zaly, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdyrdy. Mugallymlaryň elde ýasan okuw-görkezme esbaplaryndan, iş kagyzlaryndan guralan sergi hem köpleriň ünsüni özüne çekdi.
Maslahata gatnaşyjylar degişli hünärmenleriň bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylara şahsy gigiýenany we howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi öwretmegiň usullary, çagalaryň boýunyň ösmegine gözegçilik etmek ýaly meselelere bagyşlanan çykyşlaryny gyzyklanma bilen diňlediler we özara pikir alyşdylar.
Soňra olar mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Myrat Rahmanberdiýewiň 8-nji synpda guran göreldeli sapagyna gatnaşdylar. Çäre mekdebiň okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.