Saýat etrabynda ilkinji boldy
Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup bugdaý çäjine galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Daýhan birleşiginiň kärendeçileri 1170 gektar meýdanda eken bugdaýyndan 3266 tonnanyň ýerine 4266 tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagyň hötdesinden geldiler.
Zähmet ýeňşi ekerançylaryň ruhlaryny beýgeltdi. Şonuň üçin olaryň zähmet depginleri hem ýokary. Ekerançylyk ýerlerinde diňe bir bugdaýy ýygnamak däl, eýsem, beýleki oba hojalyk işleri hem sazlaşykly dowam etdirilýär.
Daýhan birleşiginde bugdaý eken kärendeçiler toparlarynyň 8-si hem hojalygyň gazanan zähmet ýeňşine mynasyp goşantlaryny goşdy. Bagtyýar Ýazyýewiň, Alty Akyýewiň, Agajan Allakowyň ýolbaşçylyk edýän toparlarynda has ýokary netijeler gazanyldy.
Şu orakda daýhan birleşiginiň kärendeçileriň 500-si bugdaý ekip, bol hasyl ýetişdirdiler. Olaryň ählisi diýen ýaly bugdaý oragy başlanyp, onçakly köp wagt geçmänkä, döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler.
Geçen ýylda hem daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary bugdaý ekilen ýerleriň 900 gektarynda azyklyk ekiniň bol hasylyny ýetişdirip, döwlete 2884 tonna bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Bu bolsa meýilleşdirileninden ep-esli köp boldy.