Lebap welaýatynyň Saýat etrabyna täze prokuror bellenildi. “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 2-nji derejeli ýurist Çaryýarmuhammet Orazmuhammedowiç Garajaýew Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
Şeýle hem ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şöhrat Sapardurdyýewiç Taýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň prokurory wezipesinden, Toýly Allaberdiýewiç Bäşimow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
Saýat etrabyna täze prokuror bellenildi
09
May

