Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginde häzirki döwre çenli kuwwatly tehnikalaryň hem-de kämil ekiji gurallaryň kömeginden peýdalanyp, 941 gektar meýdanda bugdaý ekişi tamamlanyldy. Hojalykda şu ýyl gallaçy-kärendeçileriň 678-sine berkidilen 1 müň 610 gektar ýerde ak ekinleri ekmek meýilleşdirilýär.
Daýhan birleşiginde şu ýyl 3583 tonna bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, ýokary netijeler gazanyldy.
Jogapkärli möwsüm bilen birlikde pagta ýygymy hem üstünlikli dowam edýär. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda 1 müň 610 gektar meýdanda gowaça hasyly ýetişdirilip, kemala getirilen «ak altynda» pagtaçy kärendeçileriň 920-siniň hem goşandy uly. Geçen oba hojalyk ýylynda döwlete 5842 tonna gowaça hasyly tabşyrylan bolsak, şu ýyl şondan-da ýokary hasyl almaga mümkinçilik bar.
