Saud Arabystanynda gadymy şäher tapyldy
Saud Arabystanynyň Haýbar oazisinde 4 müň ýyllyk taryhy bolan gadymy şäheriň
üsti açyldy. 1,5 gektar meýdany eýelän bu gadymy şäher Al-Nata diýlip
atlandyryldy.
Arheologlar biziň eýýamymyzdan öňki 2400-nji ýyllarda bu ýerde 500 adama
niýetlenilen 50 sany jaýyň bolandygyny anykladylar. Muňa palçykdan ýasalan
diwarlaryň galyndylary, ýylmanak daşlar, keramiki gaplaryň bölekleri şaýatlyk
edýär. Şeýle hem şäher uzynlygy 14,5 kilometr bolan diwar bilen gurşalypdyr.
Gazuw agtaryş işleriniň dowamynda demirden ýasalan paltalardyr beýleki
gurallaryň tapylmagy bu gadymy şäheriň ýaşaýjylarynyň ösen medeniýetiniň
bolandygyna şaýatlyk edýär. Şäheriň boşap galmagynyň syry welin, entek doly
anyklananok.