Saud Arabystany uly halkara çärelerini geçirmek üçin Ar-Riýadda 92 müň orunlyk stadion gurmagy meýilleşdirýär. Sebäbi patyşalyk 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny gazanmak isleýär. Bu barada “Al Arabiýa” habar berdi.
Saud Arabystanyň Sport ministrligi 2029-njy ýylyň dördünji çärýeginde tamamlanmagy meýilleşdirilýän stadionyň tassyklanan taslamasyny yglan etdi.
Stadion Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň esasy bazasy bolup hyzmat eder we ýapyk sport zaly, Olimpiýa howzy we beýleki desgalary öz içine alýan sport toplumynyň bir bölegi bolar. Ol Saud Arabystanynyň patyşasy Salmanyň adyny göterer.
Taslama alty halkara kompaniýanyň birnäçe teklibiniň arasynda saýlandy we FIFA-nyň talaplaryna, berkararlygyna we binagärlik kämilliginiň standartlaryna laýyk geler-diýip, ministrliginiň habarynda beýan edilýär.