Şaşka boýunça welaýat birinjiligi geçirildi
Ýakynda 64 öýjükli şaşka boýunça 8 ― 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Dänew we Darganata etraplaryndan 50-den gowrak türgen gatnaşdy.
8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Dänew etrabyndan gelen Ramazan Nowruzow hemmelerden öňe saýlanmagy başardy. Türkmenabatly çagalar Rahman Karýagdyýew bilen Dawut Rozykulyýew bolsa ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.
Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türkmenabatly Roza Rozynyýazowa taý tapylmady. Dänewli Merjen Bahramowa bilen welaýat merkezinden Aziza Gurbanowa hem hormat münberine çykan türgenler boldy.
12 ýaşa çenli bolan şaşkaçylaryň arasyndaky ýaryş hem diýseň gyzykly geçdi. Bu ýaş derejesinde oglanlaryň arasyndaky ýaryşda birinji we ikinji orunlary türkmenabatly türgenler Kamiljan Zafarow bilen Arslan Annageldiýew eýelediler. Dänew etrabyndan Semender Ýamatow bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa türkmenabatly türgenler Samira Kadyrowa, Jennet Çaryýewa we Gülbahar Rajapowa dagy degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler.