Sarpasy belent halypa
Lebap welaýatynda ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyna uly goşant goşan ussatlaryň birnäçesi ýaşaýar. Şolaryň biri hem kompozitor Batyr Soltanowdyr. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň üç gezek ýeňijisi Batyr Soltanow 1990-njy ýylda Türkmenistanyň kompozitorlar bileleşigine kabul edilýär. Ol 1977-nji ýylda Lebap welaýat ýörite sugat mekdebine okuwa girýär. Batyr Soltanow saz döretmegiň inçe syrlaryny Türkmenistanyň halk artisti, professor Rejep Allaýarowdan öwrenýär.
Ol halypasynyň ýolbaşçylygynda birnäçe kiçi göwrümli eserleri, fortepiano üçin eserleri, romanslary, kirişli saz gurallar üçin eserleri döredýär. Batyr Soltanowyň 3 bölümden ybarat «Fleýta we orkest üçin konserti» kompozitoryň diplom işidir. Bu eser Türkmenistanda fleýta we orkestr üçin ilkinji döredilen eserdir. Ondan başgada kirişli saz gurallary üçin kwartetlerini, köpsanly aýdymlary we romanslary, kamera-wokal we wokal toplumlaryny, fortepiano eserlerini we başgada birnäçe eserleriň awtorydyr. Onuň döreden eserleriniň sany 200-den hem geçýär.
Kompozitor geljek ýylda 300 ýyllyk ýubileý dabaralary geçiriljek Magtymguly Pyragynyň sözlerine üç romansdan ybarat wokal toplumyny ýazýar. Topluma «Gara gözleriň», «Gülzardan aýryldym» we «Gaşy ýaý» romanslary girýär.
Zalina Ruslanowa, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
«Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň üçünji ýyl talyby