DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Şar görnüşli robotlar jemgyýetçilik gözegçiligini alyp barar

Hytaýly inženerleriň döreden şar görnüşli robotlary jemgyýetçilik tertip-düzgünini saklamakda we howpsuzlygyň üpjün edilişine gözegçiligi berkitmekde ýokary baha mynasyp boldy.
Diametri 60 santimetr, agramy 125 kilogram bolan bu robot daşky görnüşine garamazdan, sagatda 35 kilometr tizlik bilen hereket edip, ýöremesi kyn bolan gury we suwly ýerlerden, basgançaklardan hem aňsatlyk bilen geçip bilýär. Robotda oturdylan emeli aň, kameralar we dürli enjamlar daş-töweregiň ýagdaýyny seljerip, degişli gulluklary wagtly-wagtynda habarly edýär. Hytaýly bilermenleriň bu robotlary döretmeginiň esasy maksady ýollarda, seýilgählerde howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr.