Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän kärhanasynda 6,5 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

Daşoguz welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 4 müň 500 tonnadan gowrak tüwi we tüwi ýarmasy öndürildi.

Bu ýerde ornaşdyrylan kuwwatly we kämil tehnologiýalar önümleriň galyndysyz gaýtadan işlenilmegine mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde önümçilik bölümleriniň ählisinde bellenilen meýilnamalar üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagta çenli bu ýerde öndürilen önümleriň pul möçberi 6,5 million manatdan gowrak boldy. Kärhananyň ýöriteleşdirilen dükanlarynyň ikisinde bu ýerde öndürilen dürli görnüşli önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector