YKDYSADYÝET

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi kärhanada 6,5 million manatdan gowrak önüm öndürildi  

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän kärhanada ýylyň başyndan bäri 4 müň 500 tonnadan gowrak tüwi we tüwi ýarmasy öndürildi.

Döwrebap kärhanada tehnologik-hojalyk çäreleriniň toplumlaýyn geçirilmegi, işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde bu ýerde tüwi önümçiliginiň möçberi has-da artýar. Bu ýerde ornaşdyrylan kuwwatly we kämil tehnologiýalar önümleriň galyndysyz gaýtadan işlenilmegine mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde önümçilik bölümleriniň ählisinde bellenilen meýilnamalar üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagta çenli bu ýerde öndürilen önümleriň pul möçberi 6,5 million manatdan gowrak boldy. Kärhananyň 2 sany ýöriteleşdirilen dükany bar. Bu söwda nokatlarynda önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: