BIZE YAZYARLAR

Sapaly tomsuň gujagynda

Şu günler bagtyýar körpeler iň ajaýyp we şadyýan günleri başdan geçirýärler. Olar tomus paslynyň şeýle ajaýyp günleriniň her birini ýatdagalyjy pursatlar bilen bezeýärler. Tomus paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bagtyýar körpe nesillere gujagyny giňden açdylar. Şeýle hem paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarda bina edilen döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem körpeleriň netijeli dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Çagalar bilen guralýan gezelençler we dürli bäsleşiklerdir çäreler olara ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary bagyşlaýar. 

Çärjew etrabyndaky 12-nji çagalar bagynda welaýat möçberinde geçirilen amaly-usuly maslahat hem tomus sagaldyş möwsüminde geçirilmeli çärelere bagyşlandy. Maslahatda edilen çykyşlarda çagalar baglarynda terbiýelenilýän çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olaryň sporta höwesini we gyzyklanmalaryny artdyrmak ugrunda edilmeli işler dogrusynda gürrüň edildi. Terbiýeçiler tomusky taplama çäreleriniň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtadylar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda körpeleriň arasynda hereketli oýunlar boýunça bäsleşikler hem guraldy. Biz durmuşyň güli, ýaşaýşyň bezegi bolan bagtyýar körpe nesilleriň tomusky dynç alşyny ýatdagalyjy pursatlar bilen bezemek maksady bilen olaryň arasynda dürli mazmunly çäreleri we bäsleşikleri yzygiderli geçireris.

Saýýara Hojamkuliýewa,

Çärjew etrap bilim bölüminiň mekdebe çenli terbiýe boýunça hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: