Döwletiň batly gadamlarynyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda baky orun alan we halkymyzyň milli gymmatlygy saýylyp, at-owazasy dünýä dolan türkmen bedewiniň tarypy ir zamanlardan bäri şahyrlaryň dilleriniň senasyna öwrülip gelýär.
«Arşyň atlary» adyna eýe bolan ahalteke bedewleri baradaky şeýle üns-aladanyň ýöne ýere däldigi, elbetde, düşnükli bolsa gerek. Ol üns-aladanyň aňyrsynda atlaryň nesil şejeresiniň dowamat-dowam bolmagy hakyndaky tükeniksiz tagallalar ýatyr. Hut şol tükeniksiz tagallalaryň netijesinde bolsa şany-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri ösdürilip ýetişdirilýär. Halkymyzyň bedewe goýýan sarpasynyň özeninde çuňňur many-mazmun, halkyň beýik ykbalyna bolan buýsanç, il-ulsumyzyň rowaç ertirlerine bolan pugta ynam we ata-baba dowam edip gelýän milli mukaddesliklerimize bolan synmaz söýgi hem-de oguz aslyna mahsus ruhubelentlik jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen we biziň ýankitabymyza öwrülen saldamly eserleriniň birnäçesiniň baş mowzugy bolan türkmen ahalteke bedewleri şeýle waspa mynasyp. Gahryman Arkadagymyzyň ‘’Älem içre at gezer’’ atly kitabynda Mämiş seýsiň atşynaslyk tejribesi beýan edilýär. Türkmenler öz ahalteke bedewleriniň boýnunyň uzyndan inçe bolmagyny gazanmak üçin, oňa ot – iými ýörite gazylan çukurlarda beripdirler. Şeýdibem, olar ot – iým iýen mahallary atlaryň boýunlaryny süýndürmegini gazanypdyrlar.
Türkmenler taýy enesinden bäş – alty aýlykda aýrypdyr. Eneden aýrylýança agyzdyryksyz gezip, soňra jylaw salnypdyr. Taý, haçan-da, agyzdyryk bilen jylawa öwrenişdirilende, onuň arkasyna iki desse ýorunjany artmaklap atyp, agramy duýar ýaly edipdirler. Eger atyň gapyrgasy anyk saýgartsa, sargasyndaky tüýi tersine sypalasaň bulaşsa, at synaga taýýar hasaplanypdyr. Çapyşykdan soň uzak wagtlap gezdirilip, atlaryň endamy sowadylypdyr. Ahalteke bedewlerine bolan belent söýgi hem buýsanç her bir türkmeniň kalbynda möwç alýar.
Ahalteke bedewlerine dünýäniň köp ýerlerinde ‘’Altyn atlar’’ diýilýar.
Milli Liderimiziň ýürek telwasy bilen Arşa göterilen atlar bedew badynyň beýik nyşany bolup dünýä ýaýylýar. ‘’Ata çykan alysy görer’’ diýlişi ýaly, türkmen bedewiniň şan-şöhraty dünýä ýaýyldy, il-ulsumyzyň rowaçly günleri toýlara ulaşyp, halkymyza belent sepgitler ýaran boldy.
Aýna HOJAMYRADOWA,
Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
