BIZE YAZYARLAR

Sanlylaşdyrma işi günsaýyn ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna ornaşýar

Elektron hökümetiň Internet-binýadynyň döredilmegi “Bir penjire” usuly arkaly islegleri kanagatlandyrmakda dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň we beýleki guramalaryň hyzmatlar ulgamynyň näderejede özara bagly boljakdygyny aýdyň görkezýär.
Bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar.
Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň ähli ýerde tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.
Bank işiniň ulgamy yzygiderli giňelip, dürli bank önümlerini we hyzmatlaryny işläp taýýarlamak dowam edýär. Karz edaralarynyň işiniň seljerilmegi netijeli işlemek hem-de bäsdeşlik artykmaçlyklaryny gazanmak üçin olara ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny peýdalanmak arkaly innowasiýalary ornaşdyrmak zerur bolup durýar.
Ykjam internet tehnologiýalarynyň ösmegi hem-de smartfonlaryň iş wezipeleriniň artmagy bilen, ykjam goşundylar amatly we netijeli gurala öwrülip, olary ulanýanlar öz hasabyny barlamak, geçirilen amallary görmek, pul geçirilmegini amala aşyrmak we hyzmatlar üçin tölemek, karz almak ýa-da üzmek, satyn almak, ätiýaçlandyrmak işlerini geçirmek üçin ulgama her gün birnäçe gezek girip çykýarlar. Türkmenistanda dürli hyzmatlar we harytlar üçin tölegleri amala aşyrmagyň ykjam goşundylarynyň ornaşdyrylan wagtyndan bäri “Altyn asyr”, “Milli kart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala” bank kartlary ýaly bank önümi arkaly hem-de “Internet-bank”, “Mobile bank”, “Galtaşyksyz töleg” ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl tölegleriň mukdary artýar.
Terminallaryň üsti bilen bank kartlary arkaly söwda hem-de hyzmat merkezlerinde satyn alnan harytlar we hyzmatlar, jemagat hyzmatlary (gaz, suw, elektrik togy), Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli hyzmatlary, şol sanda ulag serişdelerini hasaba goýmak, tehniki pasport almak, tehniki gözegçilikden geçirmek, awtomobil döwlet belgilerini, sürüjilik şahadatnamasyny almak, ulagy dolandyrmak boýunça synag üçin tölegler geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň pasportyny alanyňda, onuň ýiten ýagdaýynda pasporty çalşanyňda, ýaşaýan ýeriňi üýtgedeniňde we beýlekiler üçin tölegleri geçirmek bolýar.
Ýurdumyzyň banklary ýyllyk 5 — 7 göterimli “Goýum bank karty” açmak boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Onda “Maşgala” karty esasynda müşderiniň islegi boýunça maşgala agzalary kesgitlenen mukdaryň çäklerinde töleg kartynyň serişdelerini ulanyp bilýärler.
Häzirki wagtda “Goýum bank karty” we “Maşgala” bank kartlarynyň eýeleriniň sany artýar. Bank kartlarynyň, bankomatlaryň, töleg we maglumat terminallarynyň artmagy hem-de tranzaksiýalar geriminiň giňelmegi bilen yzygiderli gözegçilik işleri geçirilýär hem-de töleg ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Müşderilere Türkmenistanyň töleg-hasaplaşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalary hödürlemek üçin “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň binýadynda oturdylan bölekleýin we hyzmat ediş ulgamlarynda QR-kody (tölegi dessin tassyklaýyş kody) synagdan geçirildi.
Nagt däl hasaplaşyklaryň mukdaryny artdyrmak üçin ýurdumyzyň banklarynda bank kartlaryndan peýdalanýanlar üçin “Cash back” — harytlar satyn alnanda pul serişdeleriniň bir bölegini bank kartyna gaýtarmak hyzmaty işlenip taýýarlanyldy.
Dünýä tejribesi içgin öwrenilenden soňra, Türkmenistanyň kadalaşdyryş binýadyna degişli üýtgetmeler girizildi. “Cash back» hyzmatlary peýdalanylanda, yzyna gaýtarylýan pul serişdeleriniň paýy ýurdumyzyň karz edaralarynyň müşderileri tarapyndan amala aşyrylýan nagt däl amallaryň möçberiniň 0,5 — 2 göterimine deňdir. Bu hyzmatyň artykmaçlyklaryndan peýdalanýan müşderileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny bellemek gerek.
Diýarymyzyň banklary dünýäniň ykdysady we maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şolaryň hatarynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky, Hususy bölegi maliýeleşdirmek boýunça Yslam korporasiýasy hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi we beýleki maliýe edaralary bar.
Müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar hem-de hyzmatdaşlygyň sanly usullarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi müşderilere zerur derejede, zerur ýerinde hem-de zerur wagtynda bank hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

GADAMOW Maksat,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 119-njy okuw toparynyň talyby.