BIZE YAZYARLAR

Şanly ýylyň şygary wagyz edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan ýerlerde duşuşyklar geçirilip, bu şygaryň many-mazmunyny ilata giňden düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Duşuşyklaryň dowamynda komitetiň hünärmenleri tarapyndan ýylyň şygarynyň milli gymmatlyklarymyz, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygy bilen berk baglanyşyklydygy aýratyn nygtalýar. Şeýle hem ýurdumyzyň ösüş ýolunda oba hojalyk pudagynyň möhüm orny, zähmet adamlarynyň döredijilikli zähmetiniň döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylýandygy baradaky meseleler giňişleýin düşündirilýär.
Ýerlerde geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary halk arasynda uly gyzyklanma döredip, olaryň döwletimiziň alyp barýan syýasatyna bolan ynamyny has-da berkitýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti geljekde hem jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasynda düşündiriş işlerini dowam etdirip, 2026-njy ýylyň şygarynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek hem-de ilatyň syýasy-jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmak ugrunda işleri yzygiderli alyp barmagy maksat edinýär.

Gülzar BEKMEMEDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Türkmenabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.