Şanly ýylda beýik özgertmeler
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň tassyklanmagy diňe bir bilim ulgamynyň işgärleri üçin däl, eýsem, tutuş halkymyz üçin buýsançly wakalaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, ýaşlara bilim berlişiniň işini yzygiderli kämilleşdirmek döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri hasaplanylýar. Şunlukda bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi öňdebaryjy usullardan, maglumat tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän, her bir işe döredijilikli çemeleşýän ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün eder. Şeýle hem bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde hem toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda hem bilim bermegiň ähli derejelerinde okuw maksatnamalarynyň hem-de meýilnamalarynyň, mugallymlary taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ulgamy döwrebaplaşdyrmak babatynda dünýä tejribesini öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. Okuw sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan, öňdebaryjy usullardan peýdalanylmagy okatmak işini gyzykly we döredijilikli guramaga getirýär. Şeýle hem bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Halkara bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişli edilýär. Bu bolsa ýurdumyzda bilimi dolandyrmagyň täze maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagynda giň we täze mümkinçilikleri elýeterli edýär. Şunlukda umumybilim berýän mekdeplerde «Elektron mekdep» ulgamy işlenip taýýarlanyldy we synag edildi. Bu ulgamyň mümkinçilikleri arkaly ene-atalar çagalarynyň dürli dersler boýunça ýetişigi bilen tanşyp bilerler.
Diňe bir ýaşlar üçin däl, eýsem, bilim edaralarynyň işgärleri üçin giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesinden peýdalanylmaga we innowasion okuw usullaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan okuw maslahatlarynyň geçirilmegi, mugallymlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň guralmagy, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy okuw mekdepleri bilen onlaýn maslahatlaryň geçirilmegi, ylmy-tehnologik merkezleriň açylmagy işleri döwrebap derejede guramaga mümkinçilik berýär. Döredilýän şertlerden peýdalanyp ýaş nesle bilim we terbiýe bermek işini mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
Güljan Egenowa,
Çärjew etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň müdiri.