Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde innowasiýa şertleriniň wajyplygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmekde innowasiýa şertleriniň wajyplygy öňdäki orunlary eýeleýär. Ylmyň döwrebap ösüş şertlerinde ylmy-tehniki, durmuş-ykdysady, intellektual we ruhy gymmatlyklar özara berk baglanyşykly bolup, häzirki wagtda
Watanymyzda halkymyzyň bolelin durmuşda abadan ýaşamaklary üçin giň şertler döredilýär. Şu şertleri döretmegiň möhüm talabynyň biri ýurduň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmaga baglydyr. Döwletimiziň ykdysady strategiýasynda ileri tutýan ugurlary, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakdan we toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, bazar gatnaşyklarynyň hem-de döwlet dolandyryşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr.
Ykdysady ösüşiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin, onuň tehnologik ugruny, innowasion ösüşi bolsa, oýlanyşykly syýasaty ýöretmek arkaly, agzalan ugurlaryň ösüşini dolandyrýan ulgamyň kämilleşdirilmegine gönükdirip, olary hil taýdan göwnejaý özgertmek zerurdyr. Dünýä tejribesinde häzirki wagtda has ösen
çaklama esaslanan usullaryň biri SWOT seljermesi bellidir.
Elbetde, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda innowasion maglumat tehnologiýalaryny we ulgamlaryny giňden ulanmazdan jemgyýetiň mundan beýläkki ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny görmek bolýar.
Bu günki gün ýurdumyzda hem sanly ulgama geçmeklik giň gerimli üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ugurda durnukly ösüşi gazanmak üçin peýdaly teklipleri işläp düzmek zerurdyr. Şeýle ösüşleri maglumat tehnologiýalary bilen bagly ulgamlary peýdalanmak arkaly innowasion syýasatyny amala aşyrmagyň barşy
bilen baglylykda Forsaýt usulyýetini peýdalanmak dünýä halklarynyň mysalynda görmek bolýar.
“Forsaýt” – foresight iňlis sözünden gelip, türkmen diline terjime edilende, ol “geljege garaýyş” diýmegi aňladýar. Munuň özi, “geljegi göz öňünde tutup, häzirki wagtda kabul edilýän çözgütleriň hilini gowulandyrmaga, kämilleşdirilmäge we bilelikdäki hereketleriň çaltlandyrylmaga gönükdirilen amaly” hökmünde düşündirilýär. Forsaýt usulyýetine degişli pikirleri strategik taýdan seljermek we çaklamalary düzmek boýunça baglanyşdyrýan tehnologiýalaryň ulanylmagyna esaslanýar.
Forsaýt usulyýeti adaty çaklamalardan we strategik meýilnamalaşdyrmakdan düýpli tapawutlanýar, has dogrusy ol ähli gyzyklanýan taraplary goldamaga çalyşýan gatnaşyjylar üçin geljegiň umumy görnüşini döretmäge gönükdirilen çaklamadyr. Ol häzirki wagtda diňe bir ösen ýurtlar tarapyndan ylmy we
tehnologik gözlegleriň strategik ugurlarynda ýa-da belli bir ýurduň içki çäginde ulanylman, eýsem, ol dünýä döwletleriniň ençemesi tarapyndan ulanylýar.
Şeýlelikde häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýan sanlaşdyrylan ykdysadyýetde we maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda wajyp meýilnamalary, çözgütleri kabul etmekde möhüm usulyýet bolup durýandygynyň aýdyň mysalydyr. Forsaýt usulyýetinden peýdalanmagyň netijeliligi döwletiň we hususy işewürligiň özara ylalaşykly hereketine hem-de bu çaklamanyň innowasiýa degişli amala goşulmagynyň derejesine bagly bolýar.
Şeýlelikde, forsaýt usulyýetiniň hil, san, garyşyk ýaly derejeleriniň öwrenilmegi, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän düýpli ylmy-amaly barlaglaryň ýerine ýetirilmegine, täze innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam
berýär.
Biz ata Watanymyzyň ösüşiň täze derejesine çykmagy, döwrebap bilim almak ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Ramazan ISKENDEROW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy