BIZE YAZYARLAR

Sanly ykdysadyýetde Bulut maglumat saklawhanalarynyň ähmiýeti

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, bilime esaslanýan ykdysadyýetler döwründe ýaşaýarys.  Maglumat häzirki wagtda baýlykdyr we ony nädip paýlaşýandygymyz üstünligimiziň derejesini kesgitleýär.  Maglumat paýlaşmak we alyş-çalyş etmekde öňe gidişlik edilýär. Şeýle-de bolsa, bulut tehnologiýasynyň döremegi boldy.

Bulut hasaplamasy – maglumatlary saklamak we paýlaşmak usulymyzy täzeden kesgitledi. Paýlaşmak üçin fiziki enjamy ulanmagyň çäklendirmelerinden geçmäge kömek etdi we internetiň täze bir ölçegini adamzat taryhynda açdy.

Öňi bilen bulut tehnologiýasyň berýän amatlyklary barada durup geçeliň, bilermenleriň aýtmagyna görä. Tehniki nukdaýnazardan seredilende, bulut tehnologiýalary fiziki we programma üpjünçiliginiň çeşmelerini guramagyň bir usuly, şeýle hem ulanyjynyň öňündäki işleri ýerine ýetirmek üçin hasaplaýyş güýjüni alýan gurallar toplumydyr.

Häzirki wagtda infrastruktura, programma üpjünçiligi, amaly programmalar, hyzmatlar, önümler ýa-da operasiýa ulgamy bolsun, hemme zat buluda geçýär.  Netijede, buluda geçmek üçin  milliardlarça dollar maýa goýulýar.

Bulut hyzmaty, durmuşy aňsat we elýeterli etmek üçin döredilen tehnologiýa. Indi maglumatlary USB fleşka-da disk-da ýa-da başga zatlara ýazdyrmagyň zerurlygy ýok. Birnäçe ulanyjy bir wagtyň özünde resminamalary we faýllary redaktirläp biler.

Bulut tehnologiýalasynyn hyzmatlary brauzerde işleýär, şonuň üçin telefonyňyzda, ýa-da kompýuteriňizde haýsy operasiýa ulgamynyň bolmagy möhüm däl. Maglumat bulut serwerinde saklanýar – kompýuteriňiz ýa-da telefonyňyz döwülse-de, maglumatlary ýitirmersiňiz. Mysal üçin, bulut hyzmatlary: poçta – gmail.

Resminamalar bilen  işlemek üçin: Google resminamalary, Office Web programmalary.

Öz maglumatlarymyzy saklamaga: Google Drive, OneDrive, Dropbox, ýaly şertleri bilen işleýär.

Programma dükanlary: Google Play, App Store we Microsoft Store;

Eýsem, bulut saklawhanalaryny nädip ulanmaly? Munuň üçin kompýutere ýa-da smartfona maglumatlary bulut saklawhanlaryna geçirjek ýörite programma ýüklenilýär. Soňra saklawhanada hasaba durmak gerek bolýar. Enjamyň saklawhana bilen sinhronlaşmagyndan soň,  bulutdaky maglumatlar onlaýn enjamlaryň hemmesinden ulanyja elýeterli bolar.

Bulut saklawhanalaryna çäklendirilmedik mukdarda, hatda iň uly göwrümli gaty disklere ýerleşdirip boljak mukdardan hem köp maglumat ýükläp bolýar. Fiziki maglumat göteriji serişdeleri döwülmäge ýa-da ýitmäge, şeýle-de könelmäge ukyplydyrlar. Emma bu aýdylanlaryň hemmesi wirtual bulut maglumat saklawhanalaryna degişli bolmaýar.

Bu saklawhanalar, gözegçilik kameralarynyň ýazgylary, telewizion we radio gepleşikleriň arhiwleri we şuňa meňzeş  maglumat göterijide köp ýer tutýan, geljekde gerek bolup biljek maglumatlary saklamak üçin iň amatly ýerlerdir.

Häzirki wagtda adam durmuşynyň ähli ugurlarynyň kompýuterleşdirilmegi, köp mukdarda maglumatlary saklamagyň has kämil we ygtybarly usullaryny gözlemäge mejbur edýär. Fleş ýatlary hem-de gaty diskler, esasanam hem köp mukdarda maglumatlary saklamak üçin çäkli mümkinçiliklere eýedirler, bulut saklawhanalarynyň bolsa bu nukdaýnazardan mümkinçilikleri çäksiz bolýar.

“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Jumanazarow Gaýrat

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: