BIZE YAZYARLAR

Sanly ykdysadyýet ösdürmegiň möhüm ähmiýeti

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzy mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem şolaryň biridir. 2025-nji ýylyň oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän bu möhüm resminamany tassyklady.
Konsepsiýanyň esasy maksady sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Resminamada halkara standartlara, milli bähbitlere laýyklykda, sanly ykdysadyýet babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim, ylym ulgamyny, sanly lukmançylygy, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, maglumat geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlary çekmek göz öňünde tutulýar. Üç ýyl möhlete niýetlenen bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» özboluşly dowamydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylyp, elektron hökümet ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Täze kabul edilen Konsepsiýa arkaly innowasion, ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işler dowam etdiriler.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 30-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamalarda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksat edilýär. Olaryň durmuşa geçirilmegi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer. Degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylaryna maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.
«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasy maksady Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitlemekden, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, telekeçiligi ösdürmekden, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmakdan, netijeli işleýän sanly ekoulgamy döretmekden ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilmegi bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlar we wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, sanly ulgama geçmegiň berk binýady goýlup, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, döwlet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy we tizleşdirilmegi, telekeçilik işiniň, şol sanda elektron söwdanyň, daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi üpjün edildi.
Sanly ykdysadyýetiň üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, şol sanda ähli ilatly ýerlerde ýokary tizlikli internete elýeterliligi üpjün etmek, telekommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen, maglumatlary gaýtadan işleýän häzirki zaman merkezlerini döretmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly üpjünçilik ulgamynyň häzirki ýagdaýyny seljermek we aragatnaşyk torlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalardyr maksatnamalary taýýarlamagyň çäklerinde giň zolakly interneti, 4G/5G toruny giňişleýin ornaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gündelik durmuşda ulanylýan ykjam tehnologiýalaryň sany barha artýar. Ýurdumyz boýunça öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň täze nesilleriniň ornaşdyrylmagy arkaly häzirki wagtda 4G ulgamyny ulanyjylaryň sany günsaýyn köpelýär. Munuň özi tutuş ýurt boýunça sanly hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Geçen ýyl Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Milli Liderimiziň ak patasy bilen bu ýerde öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy ornaşdyryldy. Bu aragatnaşyk ulgamy raýatlara, edara-kärhanalara häzirki zaman sanly hyzmatlarydyr tehnologiýalary üpjün edýän «akylly» şäheriň innowasion ekoulgamynyň esasy ugry bolup durýar.
Durmuşa geçirilen giň gerimli özgertmeleriň esasynda Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalary, elektron enjamlary ykdysady-durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary öndürýän kuwwatly döwlete hem öwrüldi. Şunda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň, “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynyň binýadynda döredilen önümçilik toplumlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin öndürýän önümlerini görnüş we möçber babatda yzygiderli artdyrýarlar. Konsepsiýa laýyklykda, innowasion ulgamlary ösdürmek, sanly telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň çäginde Milli sanly innowasiýa parkyny döretmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda önümçiligiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, milli programma önümlerini döredýän we enjamlary öndürýän kiçi hem-de orta telekeçilik döwlet tarapyndan giňden goldanylyp, olar üçin amatly şertler döredilýär.
Konsepsiýada bellenen wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde elektron döwlet dolandyryş ulgamy kämilleşdiriler we elektron görnüşde berilýän döwlet hyzmatlarynyň gerimi has-da giňeldiler. Munuň özi raýatlar, edaralar, kärhanalar, guramalar bilen özara gatnaşyklaryň elýeterliligini, aç-açanlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak bilen, döwletiň içki gurluşlarynyň özara gatnaşyklary kämilleşdirilip, ilata edilýän döwlet hyzmatlary ýeňilleşdiriler. Häzirki wagtda 500-den gowrak hyzmaty hödürleýän elektron hyzmatlaryň bitewi döwlet portalynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär. Elektron hökümet ulgamynyň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi üçin üpjünçilik ulgamynyň döredilmegi döwlet we hususy edaralaryň, olaryň raýatlar bilen özara gatnaşyklaryny döwrebap derejede amala aşyrmaga şert döredip, sanly ulgam arkaly hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşini has-da artdyrmaga ýardam eder.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze maksatnamasynda dolandyryşyň netijeliligini, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, emeli aň, blokçeýn, maliýe tehnologiýalary, bulutlaýyn hasaplamalar we zatlaryň interneti (IoT) ýaly innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin, ilkinji nobatda, bu ulgamlaryň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary kabul edilip, olar ösen tejribä, döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdiriler. Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak, edaralarda emeli aň, bulutlaýyn hasaplama tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, emeli aň ylmy barlaghanasyny döretmek degişli döwürde möhüm wezipeleriň hatarynda bolar.
Milli strategiýany işläp düzmek we emeli aňy ösdürmek üçin milli merkezi döretmek, ykdysadyýet, işewürlik, jemgyýetçilik ugurlarynda bulutlaýyn hasaplamagyň hem-de emeli aňyň ösüşini höweslendirmek, emeli aň boýunça tehnologik forumlary geçirmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamagy maliýeleşdirmek, maddy we tehniki enjamlary goldamak we başlangyç işlerine goldaw bermek babatda hukuk hem Hökümet düzgünleşdirilmesine uly üns berler. Ýurduň ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin milli ylmy gözleglere, neşirlere we emeli aň esasynda döredijilik işlerine goldaw berler.

Gül AGANYÝAZOWA,
TDP-niñ Garabekewül etrap komitetiniñ
Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-niñ operatory.