Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işler günsaýyn artýar. Watanyň geljegi bolan ýaş nesle berilýän bilimiň iň kämil derejede bolmagy ugrunda edilýän aladalar eýýäm çagalar baglaryndan, başlangyç synplardan başlanýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek üçin ýurdumyzda diňe bir ylym-bilim pudagynda däl eýsem, ähli pudaklarda sanly ulgama geçmek işleri doly amala aşyryldy.
Biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda orta hünär okuw mekdebimizde iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen kompýuter otaglary bar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasion mümkinçilikleriň barşynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi barha giňeýär.
Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuknamalary toplumlaýyn häsiýete eýedir. Iň kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasyny durmuşa ornaşdyrmak döwrüň esasy talabydyr. Bu ýagdaý bolsa biz talyplaryň dünýädäki we ýurdumyzdaky ylmy täzeliklerden habarly bolmagymyza, öz-özümizi yzygiderli kämilleşdirmegimize, multimediýa serişdelerinden netijeli peýdalanmagymyza kömek edýär.
Biz ýaşlaryň ylymly, bilimli bolmagymyz üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
ATAMYRADOWA Gülnara,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.