Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary bolsa, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki zaman şertlerinde dünýäniň ähli döwletlerinde, esasan-da, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda «sanly ykdysadyýet» diýen düşünjä aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu düşünje ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany aňladýar. Bu nusgada zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsleşige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler döreýär. Sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagy sanly ykdysadyýetiň esasy maksatlarynyň biridir. Sanly ulgamyň üstünlikli hereket etmegi üçin bolsa, internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk, elektron işewürligi, hojalyk işini kompýuterleriň üsti bilen sanly görnüşde dolandyrmak hem-de elektron söwda hyzmatlarynyň internet arkaly ýerlenilmegi üstünlikli berjaý edilmelidir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň, döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary derejede alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Durmuşymyzy özgerdýän beýleki ugurlar bilen bir hatarda sanly tehnologiýalar hem bütin Ýer ýüzüniň ýaşaýjylary bilen birlikde, biziň hem durmuş ýörelgämizi düýpli özgerdýär. Biz indi gündelik durmuşymyzy kompýutersiz, smartfonsyz, durmuş elektronikasy bolmazdan göz öňüne getirip bilmeýäris.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri döredýär. Sanly ulgam hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmekde has ähmiýetli bolup, ykdysadyýetiň gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we hususy eýeçilik ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň we ösdürilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki döwlet we hususy eýeçilik ulgamynda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy degişli edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar, hyzmatlaryň hilini gowulandyrýar hem-de täze mümkinçilikleri döredýär. Bulardan başga-da sanly ykdysadyýete geçmek önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, tutuş dünýäde bolup geçýän üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga we çeýeligi ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan döwrebap gurluşyklaryň, ýurtda ilkinji döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň we beýleki häzirki zaman desgalaryň sanly ulgamyň gazananlary, iň täze tehnologiýalar esasynda gurulýandygyny aýratyn bellemek gerek. Sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Arkadag şäheriniň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar ulanyldy. Bularyň ählisi halkymyz üçin ösen döwrüň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesini alamatlandyrýar.
Akyl-paýhas, ylym-bilim — her bir ýurduň öňegidişliginiň we kuwwatynyň esasy çeşmesidir. XXI asyr — sözüň doly manysynda, ylym asyrydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu gün ylym-bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar halkymyzyň bähbidine gulluk etdirilýär.
Häzirki döwürde dörediji, gurujy, oýlap tapyjy, gujur-gaýratly ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy ugurlarynyň biri. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty,abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýmek bilen, ýaşlara ynanýar, olara bil baglaýar. Ýaş nesliň döwrebap ylym-bilimli, giň gözýetimli bolmagy, täze tehnologiýalardan baş alyp çykmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Häzirki wagtda ylym-bilime sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy nesillere döwrebap bilim bermekde ähmiýetlidir.
Häzirki günde dünýä halklarynyň aglaba bölegi halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalardan we internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýet bäsleşige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar.
Bu ugruň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagynyň, Diýarymyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmeginiň hatyrasyna belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
AMETOW Jemşit,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 107-nji talyby.

