BIZE YAZYARLAR

Sanly ulgam — döwrebap ösüşlere giň ýol

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamynyň düzümi hem-de mazmuny boýunça ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim terbiýe we oňat dynç almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň tassyklanylmagy netijesinde sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlary, öňde durýan wezipeleri kesgitlenilýär. Bilim edaralarynyň häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilmegi, olaryň bir bitewi internet toruna birikdirilmegi sanly ulgama tiz geçmäge giň mümkinçilikleri açýar. Bu ugurdaky işleriň ählisi bolsa ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, olaryň ukyplaryny hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir. Bu Konsepsiýanyň ilkinji nobatda bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilmegi ulgamyň işini döwrebap derejede guramagy dowam etdirmekde giň şertleri döredýär.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny öz içine alýar. Häzirki wagtda ony durmuşa geçirmek şeýle hem sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen uzak aralykdan tejribe sapaklarynyň, wideoşekilli maslahatlaryň yzygiderli guralmagy, bilim edaralarynda interaktiw-multimedia programmalaryň ulanylmagy ulgamyň işiniň döwrebap derejede guralýandygyny, ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylýandygyny, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça oňyn işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgama geçmek boýunça tapgyrma-tapgyr durmuşa ornaşdyrylýan ähli işler bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen birlikde bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar baýlaşdyrar. Şeýle hem sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny çuňlaşdyrar, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyna getirer. 

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, diňe bir bilim alýanlaryň däl, eýsem, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň wagt tygşytlamak meselesini orta salýar. Ýagny sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen az wagtyň dowamynda aňymyzy köp maglumatlar bilen baýlaşdyrmak mümkindir. Şeýle hem zerur bolan elektron hyzmatlardan ýagny, elektron gazet-žurnallardan, elektron gündeliklerden, elektron ýazgylardan we beýleki gollanmalardan netijeli peýdalanmak mümkindir. Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek babatda göz öňünde tutulýan işler mundan beýläk-de ulgamyň ösüşine oňyn täsir eder. 

Narjan Hatamowa,

Dänew etrabynyň 1-nji «Güneş» çagalar bakja-bagynyň müdiri. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: