Innowasion tehnologiýalaryň adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen häzirki şertlerinde bolsa ösüş meýli bar bolan islendik döwletiň ýagty geljegini sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynda we ösdürilmeginde görýäris. Çünki ösüşiň baş şertine öwrülen sanly ulgam maglumatlar jemgyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň ygtybarly we ykrar edilen ýoludyr. Dünýä ykdysadyýetinde öňdeligi eýeleýän, senagat taýdan ösen döwletleriň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny önümçilige ilkinjileriň biri bolup ornaşdyrmak arkaly kuwwatly ýurtlara öwrülendigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Döwür bilen deň gadam urýan şeýle döwletler sanly ulgam babatda has-da ilerläp, indi senagata yzygiderli ornaşdyrylýan tehnologiýalary özlerinde öndürýärler we olaryň ýardamy bilen täzeden-täze önümçilikleri ýola goýýarlar. Munuň özi ösen döwletleriň dünýä ykdysadyýetindäki «kepillendirilen» pugta orunlarynyň iň esasy sebäbidir.
Ýurdumyzda özgertmeler ýaýbaňlandyrylýan häzirki zaman şertlerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler hem az däldir. Diýarymyzda sanly ykdysadyýet, sanly bilim bilen bagly kabul edilen resminamalar we maksatnamalar esasynda amala aşyrylýan özgerişler munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmekde maliýe ulgamy, sanly bilim, elektron söwda, bank hyzmatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çygrynda ajaýyp işler durmuşa geçirildi. Raýatlara döwrebap hyzmatlary hödürlemek we bellige almagyň elektron ulgamyny döretmek arkaly edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek işiniň bir bitewi maglumat-telekommunikasiýa toruna birikdirilmegi, elektron maglumatlaryň binýadynyň döredilmegi boýunça «bir penjire» programma üpjünçiligi ulanyşa girizildi.
Diýarymyzda elektron söwdanyň ösmegi alyjylary tapmakda ýokary tizligi hem-de alyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, önümleriň elýeterliligini we söwda giňişligindäki täzeliklerden yzygiderli habarly bolmagy üpjün edýär. Uzak aralykdan tölegler we söwda ulgamynyň ykjam goşundylary çalt depginler bilen meşhurlyga eýe bolup, alyjynyň haryt satyn almak usullarynyň barha kämilleşmegine itergi berýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça harytlaryň sarp edilişini artdyryp, «satyjy-alyjy» gatnaşygyny has-da döwrebaplaşdyrýar.
GADAMOW Maksat,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
119-nji okuw toparynyň talyby.
