JEMGYÝET

Sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi

Welaýat kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny wagyz etmekde kitaphanalaryň orny» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli kitaphana işgärleri bilen birlikde welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň kitaphanalarynyň müdirleri gatnaşdylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň kitaphanalaryny bir bütewi elektron ulgama geçirmekde amala aşyrylan işler, Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ulgamda ýetilen sepgitler, Bitarap Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýy barada gürrüň edildi. Okyjylara hyzmat etmekligiň medeniýeti, ýaş nesliň kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrmak, guralýan kitap sergileriniň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, eziz Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerini ildeşlerimiziň arasynda wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler onlaýn maslahatynyň dowamynda edilen gürrüňleriň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: