Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän düýpli özgertmeler Watanymyzyň ähli pudaklaryna täze, öňdebaryjy we innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşmagy bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda bu iş üstünlikli dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen bu işleriň ýokary depginde amala aşmagy üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy sanlylaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli orta we orta hünär okuw mekdepleri hem-de ýokary okuw mekdepleri bilim maksatly ulanylýan kompýuterler bilen enjamlaşdyryldy we internet maglumat toruna birleşdirildi. Sanly elektron okuw tehnologiýalarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy onuň has hem kämilleşdirilmegine getirdi.
Sanly elektron okuw tehnologiýalarynyň, täze okuw enjamlarynyň we okatmagyň usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy uly özgertmelere getirdi. Sanly tehnologiýalaryň okuwyň netijeliligine edýän täsiri köptaraply bolup, tehnologiýalaryň ünsli öwrenilmegini şertlendirýär. Sanly tehnologiýalar okuw döwründe ýaşlaryň ünsli çemeleşmegini talap edýär. Bu tehnologiýalaryň kömegi bilen ýaşlar öz gyzyklanýan maglumatlaryny öwrenýärler hem-de bilimlerini çuňlaşdyrýarlar.
Sanly elektron okuw tehnologiýalary bilimde elýeterliligi giňeldýär. Onlaýn okuwlary islendik wagtda we islendik ýerde bilim almaga mümkinçilik berýär. Wirtual hakykat, simulýasiýa oýunlary ýaly interaktiw elementler okuwyň has gyzykly we özüne çekiji guralmagyna ýardam berýär. Sanly elektron okuw tehnologiýalary arkaly döredijilik, hyzmatdaşlyk, maglumat dolandyryşy ýaly endikleri ösdürip bolýar. Onlaýn forumlar, söhbetdeşlikler we wideomejlisler ýaşlaryň gözýetimlerini giňeldýär. Munuň özi işjeň aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik döredýär.
Sanly elektron okuw tehnologiýalaryny bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrmak mugallymlardan başarnygy talap edýär. Sanly tehnologiýalary okuw meýilnamalaryna dogry birleşdirmek möhümdir. Olar okuwyň guralyşyny kämilleşdirmäge uly mümkinçilik berýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen mugallymlaryň kompýuter maglumat, sanly elektron okuw tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp, bilim bermegi zerurdyr. Ýaşlar sanly tehnologiýalary kämil derejede ulanyp, öz başarnyklaryny ýüze çykarýarlar.
KAKAJANOWA Hatyja,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň 119-njy okuw toparynyň talyby.
