BIZE YAZYARLAR

Sanly hyzmat — aýdyň gatnaşyklaryň we netijeliligiň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem öz işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, raýatlar we telekeçiler üçin döwrebap amatlylyklary döredýär.
Şu ýylyň fewral aýynda işe girizilen Döwlet gümrük gullugynyň täze sorag-jogap hyzmaty gysga wagtyň içinde gümrük ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm gurala öwrüldi. Bu hyzmat diňe bir maglumat bermek bilen çäklenmän, eýsem, gümrük edaralary bilen jemgyýetiň arasynda ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär.
Statistik maglumatlara görä, hyzmat ýola goýlan pursadyndan başlap, ýagny fewral-aprel aýlarynyň dowamynda jemi 201 sany ýüz tutma kabul edildi. Bu görkeziji täze hyzmatyň raýatlarymyz we işewür düzümler üçin nähili derwaýysdygyny we zerurdygyny aýdyň subut edýär. Ýüz tutmalaryň esasy böleginiň harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek, eksport-import amallarynyň inçelikleri hem-de döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ýüze çykýan hukuk we tehniki soraglar bilen baglanyşykly bolmagy, taraplaryň özara düşünişmeginiň kämilleşýändiginden habar berýär.
Sorag-jogap hyzmatynyň işe girizilmegi işewürleriň wagtyny tygşytlamaga we gümrük işleriniň aýdyňlygyny üpjün etmäge giň mümkinçilik berdi. Zerur bolan maglumatlaryň öňünden, anyk we dürs görnüşde alynmagy netijesinde, serhetden geçiş we gümrük taýdan resmileşdiriş amallary ep-esli ýeňilleşdi. Bu bolsa ýurdumyzyň üstaşyr üpjünçilik ukybynyň artmagyna we daşary söwda dolanyşygynyň çaltlanmagyna goşant goşýar.
Biz — gümrük gullugynyň harby gullukçylary geljekde hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda we gümrük hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda ak ýürekden gulluk ederis.

Yhlas RAHMANKULOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.