Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, halkara söwda gatnaşyklarynyň netijeliligini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işleri hem aýratyn ähmiýete eýedir. Gullugyň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalynda — tradebridge.gov.tm saýtynda «Emeli aňy» ulanmak mümkinçiliginiň ýola goýulmagy gümrük işini sanlylaşdyrmakda nobatdaky möhüm ädim boldy.
1-nji iýundan başlap, «Bir penjire» ulgamynda emeli aňyň kömegi bilen Türkmenistandan eksport edilýän we ýurdumyza import edilýän harytlaryň Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça kodlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döredildi. Şeýle hem daşary ykdysady işe gatnaşyjylar zerur bolan rugsat beriş resminamalary, gümrük paçlarynyň möçberleri barada deslapdan maglumat alyp bilerler. Bu bolsa telekeçiler, eksport-import amallaryny amala aşyrýan taraplar we degişli edaralar üçin wagty tygşytlamaga, resminama dolanyşygyny ýeňilleşdirmäge, maglumatlaryň has elýeterli bolmagyna ýardam eder.
Täze mümkinçilik Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen baglaşylan «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we “Akylly” gümrügi döretmek» boýunça ylalaşygyň çäklerinde amala aşyryldy. Ulgamda emeli aňyň göni iş tertibinde we türkmen, rus, iňlis dillerinde işlemegi onuň halkara söwda gatnaşyjylary üçin hem amatlydygyny görkezýär. Bu bolsa ýurdumyzyň gümrük ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
«Bir penjire» ulgamynda emeli aňyň işe girizilmegi gümrük amallarynda harytlary toparlara bölmek işini has-da ýeňilleşdirer. Harydyň dogry kody kesgitlenilende, gümrük taýdan resmileşdirmek işleri hem has çalt we netijeli ýerine ýetirilýär. Bu ýagdaý daşary söwdanyň statistikasynyň takyk ýöredilmegine, gümrük paçlarynyň dogry hasaplanylmagyna, rugsat beriş resminamalary bilen bagly maglumatlaryň öz wagtynda alynmagyna oňyn täsir eder.
Sanly gümrük hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegi daşary ykdysady işe gatnaşyjylara berilýän maglumat goldawynyň kämilleşmegine hem ýardam berýär. Häzirki döwürde gümrük amallarynyň çaltlygy, açyklygy we düşnükliligi halkara söwda gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, emeli aň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy diňe bir tehniki täzelik bolman, eýsem, ýurdumyzyň daşary söwda ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçdyr.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri «akylly» gümrük ulgamyny kemala getirmek, sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi gümrük edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ykdysady gatnaşyklarda amatly, döwrebap we ygtybarly gurşawy döretmäge hyzmat edýär.
Biz — Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary hem bu döwrebap özgertmeleri uly buýsanç bilen kabul edýäris. Çünki sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy gümrük gullugynyň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň has ýokary derejede ýerine ýetirilmegine, gulluk işiniň takyk, çalt we netijeli alnyp barylmagyna giň mümkinçilik döredýär. Şeýle mümkinçilikler bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde we döwletimiziň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermekde möhüm ähmiýete eýedir.
Gümrük işini sanlylaşdyrmak, döwrebap hyzmatlary ýola goýmak we «akylly» gümrük ulgamyny ösdürmek boýunça döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Goý, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen ATAÝEWA,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

