Sanly durmuşyň mümkinçilikleri
Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gündelik durmuşymyzda zerur
bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, menzil sökmezden, nobata
durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri
giňelýär. Milli Liderimiziň gol çekip, tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda
sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza «sanly»
özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyzdan
bäri kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlandy. Şunuň bilen birlikde,
maglumatlary alyşmagyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.
Durmuşymyza sanly bilim ulgamyny pugta ornatmak işleri giň gerime eýe
boldy. Çagalar heniz ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan
ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Muňa sanly ykdysadyýet eýýamyna taýýar şahsyýetleri ýetişdirmek üçin ilkinji ädim diýsek, dogry bolar.
Türkmenistan kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň
we goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna sanly önümçiligi ösdürmek üçin
uly mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda intenet tory uly rol oýnaýar. Häzirki
döwürde durmuşymyzy internetsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Internetden diňe gowy maksatlar bilen peýdalanmak, netijede, maglumat goruňy giňeltmek zerur.
Häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde bilim bermek işi sanlaşdyryldy. Şeýle-de, okuw maglumatlarynyň sanly gorunyň yzygiderli täzelenmegi we üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ähli bilim ojaklary kompýuter tehnologiýalary, multimediýa tagtalary, lingafon otaglary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle-de Watanyň geljegi, daýanjy bolan ýaş nesliň zehinini artdyrmak ugrunda daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýulýar.
Güllala ÝAZYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň mugallymy.