Sanly bilimiň rowaç gadamlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanyna şan goşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly bilim ulgamyny ösdürmek baradaky Konsepsiýanyň öz miwelerini ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem berýändigini görýäris. Diňe biziň welaýatymyzyň bilim ojaklarynyň mysalynda aýdanyňda hem getirere delil kän.
Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda orta mekdepleriň arasynda onlaýn sapaklar peýda bolup ugrady. Ýaş nesle berilýän bilimiň has çuňňur bolmagyny üpjün edýän şeýle sapaklar mekdeplerde sanly bilim babatynda ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilen geçirilýär. Munuň ilkinji şerti bolsa mekdebiň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegidir. Bu gün Lebap welaýatymyzda şeýle mekdepleriň sanynyň gitdigiçe artýandygyny uly guwanç bilen aýdyp bileris.
Sanly bilime geçmek döwrüň talaby. Barha sanlaşýan ykdysadyýet bu işleriň öz gözbaşyny bilim ojagyndan alyp gaýtmagyny talap edýär. Bilim ojaklarynda döredilýän mümkinçilikler bolsa öz miwesini, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bilim alyş derejesinde görkezýär. Orta mekdepleriň gapysyndan ilkinji ädim ädip başlan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýylyň-ýylyna täze, döwrebap kompýuterleriň berilmegi bolsa ýaşlaryň sanly ulgamy öz durmuşyna ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Biz — başlangyç synp mugallymlary ýaşlara sanly ulgamy örän içgin öwretmek bilen olaryň ata Watanymyza gerekli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanýarys. Bizi eşretli döwre ýetiren Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Jeren BABAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

