Sanlar irki döwürlerden bäri durmuşymyza giňden ornaşyp, olaryň täsinligi, durmuşda ulanylyşy köpleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu barada il arasynda birnäçe düşünjeleri hem ulanylýar. Ýagny, 3-lük, 5-lik we 7-lik sanlar şowlulyk getirýän sanlar hasaplanylýar. Hatda aýyň şol günlerinde doglanlaryň häsiýet aýratynlyklary barada hem köp pikirler, aýtgylar aýdylýar. Sanlar baradaky düşünjeler, yrymlar hem öz ähmiýetini ýitirmän dowam edip gelýär. Geliň olaryň käbirlerine göz aýlalyň:
1 gün duza 1000 gün salam;
3 etde, bes et;
3-den soň puç;
7 ölçäp bir kes;
7 ataň-Adam ata, Nuh ata, öz ataň, azan ataň, sünnet ataň, ylym ataň, gaýyn ataň.
7 hazyna-daýhançylyk, ylymlylyk, haly dokamak, towuk, goýun, at, sygyr.
7 arkaň- ogul, agtyk, çowluk, ýuwluk, gowluk, geňlik, taňlyk.
9-y düzüw;
50 gepden belli gep;
52 gezek aýtdym;
döwüljek araba 40 gün öňünden jygyldar;
Halklaryň arasynda sanlar bilen baglanyşykly nakyllar hem aýdylyp gelinýär:
Batyr 1 öler, gorkak 1000.
Ýaryndan aýrylan 7 ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçe.
Il agzy 1 bolsa dagy goparar.
Köp ýagşynyň içine 1 ýaman sygmaz.
1000 işçi-den 1 başçy.
1000 ýyldyzyň yşygy 1 Aýyňkyça bolmaz.
Myhman birinji gün gyzyl, ikinji gün kümüş, üçünji gün mis, dördünji gün pis.
Myhmanyňky 3 gün, 3 günden soň göçgün.
Rozygül Öwezowa,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.

