BIZE YAZYARLAR

Sanlaryň täsin dünýäsi

Adamzat taryhyna nazar salanyňda, ösüşiň ähli basgançaklarynda sanlaryň aýratyn ornuny görýärsiň. Gadymy döwürlerde adamlar tebigatyň kanunlaryny, wagtyň akymyny, ýyldyzlaryň hereketini hem-de söwda gatnaşyklaryny düşündirmek üçin sanlardan peýdalanypdyrlar. Şeýlelikde, sanlar diňe bir hasap üçin ulanylýan belgiler bolman, eýsem dünýäni tanamagyň möhüm açary bolup hyzmat edipdir. Wagtyň geçmegi bilen matematika ylmy ösdürilip, sanlaryň çäksiz mümkinçilikleri ýüze çykarylypdyr. Häzirki döwürde bolsa sanlar ykdysadyýetde, tehnologiýada, gurluşykda, informatika ulgamynda we beýleki köp ugurlarda giňden ulanylýar.
Men häzirki wagtda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika hünärinde bilim alýan talyp hökmünde sanlaryň bu giň we täsin dünýäsi bilen her gün has ýakyndan tanyşýaryn. Matematika diňe formulalaryň we hasaplamalaryň jeminden ybarat däl. Ol pikirlenmegiň aýratyn bir usuly bolup, adama dünýäni başgaça görmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, iň meşhur matematiki yzygiderlilikleriň biri bolan Fibonaçi sanlary tebigatda giňden duş gelýär. Gülleriň, ösümlikleriň ýa-da käbir miweleriň gurluşynda bu yzygiderliligi görmek bolýar. Şeýle ýagdaýlar sanlaryň diňe kagyzda däl-de, tebigatyň özünde hem ýaşaýandygyny görkezýär.


Matematika ylmynyň ýene bir täsin tarapy bolsa onuň çäksizligidir. Mysal üçin, dünýäde iň meşhur sanlaryň biri bolan π (pi) sanynyň onluk ýazgysy hiç haçan gutarmaýar. Alymlar bu sany müňlerçe, hatda millionlarça belgä çenli hasaplapdyrlar. Şeýle mysallar sanlaryň syrly we gyzykly dünýäsi barada has köp oýlanmaga iterýär. Şol sebäpli hem matematika ylmy diňe bir takyk hasaplamalaryň däl, eýsem döredijilikli pikirlenmegiň hem giň meýdanydyr.
Sanlaryň dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmagymda meniň üçin aýratyn gymmatly bolan adam — halypam we doganym Maýa Esenowa boldy. Ol maňa ilkinji gezek sanlaryň diňe okuw dersiniň çäginde galmaýandygyny, olaryň içinde uly gözelligiň bardygyny düşündirdi. Maýa Esenowa sapaklarynda meseleleri diňe çözmek bilen çäklenmän, olaryň manysyny duýmagy, her bir formulanyň aňyrsyndaky pikirleri görmegi öwredýär. Onuň maslahatlary we goldawy netijesinde matematika bolan gyzyklanmam has-da güýçlendi.


Halypamyň aýdyşy ýaly, matematika — bu diňe sanlaryň däl, eýsem pikirleriň hem dünýäsi. Bir mesele çözülende täze pikirler döreýär, täze soraglar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlar bolsa ýaş matematikleri yzygiderli gözleglere iterýär. Hut şonuň üçin hem men öz bilim ýolumda sanlaryň bu täsin dünýäsini has giňden öwrenmegi maksat edinýärin. Sebäbi her täze açyş, her täze çözgüt dünýäni has-da düşnükli edýär.
Geljekde matematika ylmyny has çuňňur öwrenip, onuň dürli ugurlarynda üstünlik gazanmak meniň arzuwlarymyň biridir. Çünki sanlaryň dünýäsi adamzadyň ösüş ýolunda möhüm orun eýeleýär. Bu dünýäni öwrenmek diňe bir ylmy üstünliklere däl, eýsem durmuşdaky köp meseleleriň çözgüdine hem ýol açýar. Şonuň üçin hem sanlaryň täsin dünýäsi meni her gün täze pikirleriň, täze mümkinçilikleriň ugruna çagyrýar.

Aýsadap JANMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.