BIZE YAZYARLAR

Sanlar älemiň syrydyr

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin ylymly-bilimli, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, maksada okgunly, häzirkizaman öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan, Watana wepaly, kämil nesli kemala getirmegi bilim işgärleriniň baş wezipesi hökmünde kesgitleýär. Biz― mugallymlar berkarar Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilimli, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly hem-de watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerinden ugur alyp, mukaddes hünärimizde ruhlanyp zähmet çekýäris.
Düýn mekdebimizde Türkmenabat şäherindäki umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Sanlar älemiň syrydyr» atly mowzukda konferensiýa sapagy geçirildi. Konferensiýa sapagy Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň müdiri Akgül Hümmedowa açyp bermeginde başlandy. Soňra sapaga gatnaşan mugallymlardyr talyplaryň çykyşlary diňlenildi.
Konferensiýa sapagynda mekdebimiziň mugallymlary Maýa Amangeldiýewanyň, Gözel Hojamyradowanyň, Şemşat Nowruzowanyň «Mukaddes sanlar», Sanlar we iňlis dili», «Sanlar teoremasynyň usulyýeti», şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Aýsadap Janmyradowanyň «Sanlar taryhy» atly çykyşlary örän täsirli boldy.


Soňra sapakda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy Mähri Joraýewanyň «Sanlaryň döreýiş taryhy we olaryň sapakda peýdalanyşy» atly wideoýazgysyna tomaşa edildi. Welaýatymyzdaky baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Bäşimbaý Haýdarowyň çykyşy sapaga gatnaşan mugallymlardyr talyplaryň sanlar baradaky maglumatlar bilen tejribesini artdyrmaga mümkinçilk döretdi. Türkmenabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy Güljahan Myradowanyň «Sanlar we fizika» atly mowzukly çykyşy hem durmuşda ähli ýerde ulanylýan sanlara barada kän zatlary öwrenmage mümkinçilk döretdi.


Soňra mugallymlaryň okuwçylar bilen geçilen sapagy uly üns bilen diňlenildi. Ýokary guramaçylyga beslenen sapakda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda ummasyz aladalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Dünýä JUMADURDYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň matematika mugallymy.