LUKMANÇYLYK

Sankt-Peterburgda koronawirusyň garşysyna ýene bir rus waksinasynyň kliniki synaglary başlandy

Sankt-Peterburgda A.A.Smorodinsew adyndaky grip ylmy-barlag institutynda koronawirysň garşysyna ýene bir rus waksinasynyň — «Betuwaks-Cov-2»-niň klini synaglary başlandy. Adamyň düýpli öýjükleriniň institutynda waksinanyň ilkinji sanjymlarynyň meýletinçilere edilendigi barada habar berdiler, diýip «Российская газета» ýazýar.

«Betuwaks-Cov-2» waksinasy Adamyň düýpli öýjükleriniň institutynyň düzümine girýan «Betuwaks» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy.

Klinikadan öňki haýwanlarda geçirilen synaglar onuň howpsuzlygyny we netijeliligini görkezdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: