BIZE YAZYARLAR

Sanjymlary almak hökmany!

Ýakyn günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň çäklerinde “Bütindünýä
saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeligi’’ geçiriler. Oňa immunolog
lukmanlar işjeň gatnaşyp, köpçülikleýin jemgyýetçilik ýerlerinde waksinalary ulanmaklygyň ähmiýeti
barada giňişleýin düşünje bermek boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp bararlar.
Hepdeligiň çäklerinde ýurdumyzda raýatlaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada
düşünjeleri kämilleşdirmek, mundan beýläk hem ilatyň, hökümet edaralarynyň we jemgyýetçilik
guramalarynyň bu işlere ünsüni çekmek maksady bilen Türkmenabat şäher saglyk öýlerinde
“Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň immunizasiýa hepdesi” geçirilýän döwründe ýokanç
keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti we zerurlygy barada, geçirilýän çäreler barada telefon
arkaly maslahat bermek üçin “gyzgyn aragatnaşyklary” we maslahat beriş otaglary gurnalar. Çäklere
degişli ýerlerde ýaňy doglan bäbeklerden başlap, 15 ýaşly we 25 ýaşly raýatlaryň sanjym statusyny
seljerip, olaryň öňüni alyş sanjymlaryny alandygyny anyklamak boýunça barlaglar geçirilýär. Dürli
sebäplere görä keseliň öňüni alyş sanjymlaryny almadyk çagalary anyklanylyp, sanjym statusyna baha
berip, olara Milli sanjym tertibine laýyklykda sanjymlama geçirilýär. Şeýle-de şu günler waksinalar
arkaly öňüni alyp bolýan ýokanç keselleri we immunizasiýa (şeýle hem täze waksinalar) barada, ilat
arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti boýunça wagyz-nesihat etmegiň usullary barada lukmanlaryň
(şepagat uýalarynyň, şepagat doganlarynyň) arasynda amaly okuw sapaklary geçirilýär. Ýerli edara
kärhanalarda mekdep mugallymlarynyň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň arasynda waksinalar bilen
öňüni alyp bolýan keseller barada we sanjymlamanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat edilýär. Ilatyň
köpçülikleýin ýygnalýan ýerlerinde “Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti” barada radio arkaly
çykyşlar berilýär. Bulardan başga-da, wagyz-nesihat maslahatlarda saglygymyzy goramak we dürli
keselleriň öňüni almak boýunça berjaý edilmeli düzgünler barada hem ündewler geçirilýär.
Ýurdumyzda immunizasiýa bilen gurşamagyň ýokary derejesi saklanylýar. Häzirki wagtda
ýurdumyzda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite,
difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma
wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň
A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär.
Immunizasiýa dürli agyr ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Häzirki döwürde ýokanç
keselleriň öňüni almagyň esasy ugurlarynyň biri öňüni alyş sanjymlarydyr. Öňüni alyş sanjymy ýokanç
keselleriň ýokuşmak howpuny aradan aýyrmak üçin ulanylýar. Ol hemmeler üçin hökmany çäredir.
Öňüni alyş sanjymlary bedeniň gorag güýçlerini pugtalandyryp, kesellere garşy göreşe tijeýär.
Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli tertibine laýyklykda ýurdumyzyň çäklerinde poliomielit,
gökbogma, täjihoraz, bürme, gyzamyk, gyzylja ýaly ýokanç keseller ýok edildi ýa-da seýrek ýagdaýlar
görnüşinde bellige alynýar. Edil şu günki günde bolsa Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we
keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-de çykaran
buýrugy esasynda «Türkmenistanda çagalara geçirilýän öňüni alyş sanjymlaryň Milli tertibine
poliomiýelit keseline garşy IPW ikinji dozany girizmek barada» görkezmesine laýyklykda ýurdumyzda
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan 16 aýlyk çagalara IPW2 sanjymynyň geçirilip başlanandygyny
belläp geçmelidiris.
Ilatymyzyň bökdençsiz saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilmegi, ýokanç keselleriň öňüni alyş
sanjymlaryň meýilnama esasynda we goşmaça gerek bolan öňüni alyş sanjymlary meýilnama
laýyklykda üpjün edilmegi, keselleýjiligiň ýyl-ýyldan azalmagyna ýardam berýär. Biziň üçin şeýle
aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda dünýä möçberli alyp barýan tutumly
işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris!

Gunça AÝDOGDYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: