BIZE YAZYARLAR

ŞAN-ŞÖHRADY ARŞA GALAN PYRAGY

Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyna ýagşylyk nuruny çaýan türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň ýokarda goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Şoňa görä-de ýurdumyzda beýik şahyryň pähim-parasada ýugrulan şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, geljekki nesillere miras galdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýyl beýik şahyryň şygryýet günleriniň giň dabaralara beslenmegi, bu şanly sene mynasybetli şahyryň gubruna zyýarata gidilmegi, şahyryň şygyrlar toplumlarynyň çap edilmegi we daşary ýurt dillerine terjime edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halky beýik şahyr Magtymguly atamyzyň berkarar döwlet gurmak baradaky pikirlerine uýup, agzybir millet hökmünde özüniň bitewiligini saklap galmagy başaran halkdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi-de pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden gözbaşlydyr. Ol beýik akyldarlarymyzyň çuň pelsepesine, şygyrýet ägirtlerine uly hormat goýýar, şeýle tämiz we dury akabadan gözbaş alyp ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle-de beýik söz ussadynyň köpugurly, jana melhem şygyrlarynyň ählisi, tenekär jümleleri ähli döwürde-de ulynyň-kiçiniň ruhuny tämizläp, bu owadan dünýä, durmuşa söýgi, ýaşaýşa hyjuw döredýär. Bu bolsa halkyň göwnüni belende galdyryp, tutuş türkmen jemgyýetinde agzybirligi, birek-birege hormaty we ruhy päkligi döredýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu gün diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş adamzada ruhy lezzet berýär. Şeýle-de akyldar öz döredijiliginde durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatynda aýratyn ündeýär. Şonuň üçin-de şahyryň dürdäne setirleri dünýä dilleriniň ençemesi terjime edilip, aýdym bolup ýaňlanýar. Beýik şahyr adamzat taryhynda iň köp oklaýan akyldarlaryň biri bolmak bilen, türkmen dilini we edebiýatyny täze belentliklere göterdi. Onuň döredijiligi türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünine, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlara öwrülip, nesilden-nesle geçip gelýär. Şeýle-de beýik şahyrymyzyň durşy bilen öwüt-ündewe, belent adamkärçilige ýugrulan dürdäne setirleri ynsan durmuşyna aýratyn many we öwüşgin çaýýan melhemdir. Şonuň üçin hem beýik şahyrymyzyň mertebesi belentdir, onuň türkmeniň taryhyndaky, edebiýatyndaky, syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşyndaky orny müdimidir.           

Göwher BABAMURADOWA,

Dänew etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: