DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Samsung» Olimpiýa oýunlary üçin önümçilige girişdi

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy 2024-nji ýylyň XXXIII Tomusky olimpiýa oýunlary üçin ýüzlerçe Galaxy S24 Ultra smartfonlaryny taýýarlaýar.

Bu başlangyjyň çäklerinde Samsung Sena derýasyndaky gämilerde 200-den gowrak Galaxy S24 Ultra smartfonlaryny ornaşdyrar.

Şeýle hem kompaniýa Sena derýasynda gämileriň dabaraly ýüzüşine gatnaşjak 85 gämide Galaxy S24 Ultra smartfonlaryny ornaşdyrar.

Smartfonlar dabaraly ýörüşi wideo çekerler. Olar gäminiň ýaýlymyň durnuklylygy Orange operatory tarapyndan Senanyň kenarynda ýerleşdirilen 12-den gowrak 5G antennasyndan ybarat bolan özbaşdak toruň hasabyna üpjün ediler.

Bu taslama Samsung-yň Halkara olimpiýa komiteti hem-de Olimpiýa ýaýlyma beriş gullugy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde göz öňünde tutulandyr.

XXXIII Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýul 11-nji awgust aralygynda Parižde geçiriler. Türgenler sportuň 32 görnüşi boýunça bäsleşerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: