«Samsung» muny hem başardy: emeli aňly monitorlar
«Samsung Electronics» kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup döreden emeli aňly monitorlary bilen tanyşdyrdy. Täze monitorlar smart, odyssey we viewFinity ýaly görnüşlerde öndürilipdir. Olaryň esasy aýratynlyklary ulanyjyny kompýuterde dürli buýurmalary ýerine ýetirmekde we oýunlary oýnamakda
köp mümkinçiliklere eýe edýär.
Akylly monitorlar 27, 32 we 37 dýuýmly OLED ekranlar bilen enjamlaşdyrylyp, olarda oturdylan emeli aňly hyzmatlar diňe bir buýrulan ýumşuň tiz we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine däl, eýsem, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem kömek edýär. Odyssey görnüşli akylly monitorlardaky linzalar bolsa 3D görnüşde wideoşekillere tomaşa edilende, 3D äýneklerini dakynmak zerurlygyny aradan aýyrýar.