YLYM WE TEHNIKA

“Samsung” bilezik görnüşindäki smartfony hödürledi

“Samsung” kompaniýasy bükülýän, bilegiň daşynda aýlanýan, hatda “akylly” sagat ýaly işleýän smartfon hödürledi. Bu barada Wccftech habar berdi.

“Samsungyň” bükülýän telefonyna “Sling Band” diýilýär. Ol uýgunlaşan OLED ekrana esaslanýar. Bu bilezik smartfon ýa-da akylly sagat hökmünde ulanylyp bilner. Ony nähili ulanýandygyňyza baglylykda ekranda degişli interfeýs peýda bolar.

Doly uzaldylanda, enjam beýleki smartfonlara meňzeýär. Enjamyň arka tarapynda kamera, zarýad bermek üçin USB Type-C bar we ses ýazyjyny öz içine alýar.

Telefon bükülende ýaý görnüşini emele getirýär. Arka tarapynda ýürek urşunyň monitory hem bar, ýagny ol bilege dakylsa, “Samsungyň” Saglyk programmasy tarapyndan goldanýan fitnes yzarlaýjysyna öwrülip biler.

Şuňa meňzeş funksiýa “Motorola” tarapyndan öň iki gezek görkezilipdi we iki uly kompaniýa şol bir wagtyň özünde bu tehnologiýany öwrenip başlasa, geljekde şeýle enjamlary satuwa çykaryp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: