Halaç etrabynda ýaşlaryň sport ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde sambo göreşi boýunça etrabyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Etrabyň 3-nji sport mekdebinde guralan ýaryşda ýaş pälwanlar 11 agram derejesi boýunça güýç synanyşdylar.
Ýaryşyň dowamynda etrabyň 1-nji we 2-nji sport mekdepleriniň türgenleri has üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler. Öz agram derejelerinde ýokary netijeleri görkezen türgenleriň arasynda Gerçek Soltanow, Begenç Bäşimow, Röwşen Annamyradow, Tirkiş Pirçikow, Aman Bäşimow, Merdan Şirow we Myrat Wepaýew tapawutlandylar. Ýeňijilere we tälimçilere etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Sambo boýunça Halajyň birinjiligi geçirildi
21
Apr

