SPORT WE SYÝAHAT

Sambo boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri 11 medala eýe boldular

Gazagystanyň Aktau şäheriniň «Mangistau Arena» stadionynda sambo boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda türkmenistanly türgenler bir altyn, 2 kümüş, 8 bürünç medallara mynasyp boldular. Dokuz döwletden 200-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen çempionatda erkekler hem-de zenan türgenler sambo we söweş sambosy boýunça ýedi agram derejesinde ýaryşdylar.

Türkmen samboçylarynyň altyn medalyny söweş sambosy boýunça 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Aýlar Melikowa gazandy. Söweş sambosy boýunça 88, sport sambosy boýunça 79 kilograma çenli agram derejelerindäki ýaryşlara goşulan Begenç Baltaýew bolsa iki ýaryşda-da hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Şu ýyl türkmenistanly samboçylaryň «Aziýanyň çagalary» atly sport baýramçylygyndan, Moskwa şäherinde geçirilen «Sambony esaslandyryjylaryň kubogyndan», Talyplaryň dünýä kubogyndan hem medallar bilen dolanandyklaryny ýatladýarys. Indi bolsa olar geljek aýda Bişkek şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: